HABARLAR

Gadymy medeniýetiň we siwilizasiýanyň ojagynda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen göçme mejlisinde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Beýik medeniýetiň mekany bolan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gözelliklerimizi gorap saklamak boýunça edýän tagallalarynyň netijesinde, taryhy ýadygärliklerimizi, maddy-medeni mirasymyzy, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga we geljekki nesillerimize ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata Watanymyz iň gadymy topragyň biri bolup, onuň medeniýetiniň we sungatynyň täsiri jümle-jahana ýaýrapdyr. Türkmen topragynyň gadymy ýadygärlikleriniň köpüsiniň üstünden ençeme asyr geçip, olaryň ajaýyplygy adamlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň çäginde taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gadymy Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň özi türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň subutnamasydyr. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykdan başlap, Marguş, Altyndepe, Parfiýa ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala g

«Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün – 16-njy aprelde Balkan welaýatynda ýerleşýän «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Balkan welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wise-premýer M.Mämmedowa beren tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň çäginde geçirilýän çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri görüldi.

Türkmenistanyň gadymy buzhanalary

Türkmenistan döwletimizde ylym-bilimi dünýä ýurtlarynyň derejesinde ösdürmek, halkymyzyň gadymy medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ugurda saldamly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan gadymy suw desgalarynyň binagärlik aýratynlyklarynyň öwrenilmegi onuň aýdyň mysalydyr. Olardan gadymy Merwiň dürli görnüşli sardobalaryny, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde saklanyp galan ýahdany, Gadymy Lebap topragynda saklanyp galan birnäçe sardobalary görkezmek bolar.

Dehistan — ösen medeniýetiň göwheri

Türkmenistanyň orta asyr şäherleri binagärligiň, senetçiligiň, söwdanyň, dokmaçylygyň, medeniýetiň biçak ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň biri-de Dehistandyr. Bu şäheriň şöhratly geçmişden habar berýän galyndylary Hazar deňziniň kenaryndan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Dehistan öz döwründe diňe bir 200 gektar meýdany tutýan paýtagt şäher bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalary özünde birleşdirýän, gür ilatly welaýat bolupdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän günorta-gündogar bölegi häzirki döwrüň geografik kartalarynda «Misserian düzlügi» diýlip atlandyrylýar. Ir döwürlerde bu ýerde «Girkaniýa» ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly, giň oazis bolupdyr.

Taryhy ýadygärliklere buýsanç

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip nygtady. Munuň özi ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrylan täze tapgyrynda-da türkmen medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işleriň alnyp baryljakdygyndan habar berýär. Türkmenistanyň çägi asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, medeniýetleriň çatrygynda ýerleşip, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan möhüm halka bolup hyzmat edipdir. Merw, Nusaý, Amul, Abiwerd, Dehistan ýaly gadymy şäherler bolsa Gündogaryň syýasy, ykdysady we medeni taýdan gülläp ösen merkezleri bolupdyr. Bu günki gün şol binagärlik ýadygärliklerini milli mirasymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklary hökmünde aýawly saklamak hem-de dikeltmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilý

Gadymy Merwiň binalary

Döwletimiziň halkara derejedäki at-abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän döwründe, ynsan kowmunyň bäş müňýyllyk taryhynyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimiziň aýratyn orny bardyr. Geçmişiň şöhratly we ýeňişli ýollarynda uly kerwensaraýlary, bazarlary, hanakalary, metjitleri, medreseleri, biri-birine juda meňzeş daşky diwarlary gasynly gurlan köşkleri, galalary, ajaýyp kitaphanalary bilen Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen gadymy Merwiň ajaýyp köşkleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Al-Mamunyň köşki — bu taryhy we medeni ýadygärligiň binagärliginde, esasan, çig kerpiçleriň ulanylandygy sebäpli, biziň günlerimize çenli gelip ýeten galyndylary hökmünde onuň aglaba böleginiň eremegi netijesinde emele gelen ullakan tümmegi we demirgazyk diwarynyň azda-kände saklanyp galan galyndylaryny görkezmek bolar. Ýadygärligiň saklanyp galan käbir böleklerinden we geçen asyryň ortalarynda geçirilen ylmy barlaglaryň maglumatlaryna salgylanmak esasynda öz döwründe iki gatdan ybarat köşk ymaraty bolandygyny çaklamak mümkin. Ymaratyň birinji gaty ýokarlygyna ýapgyt we galňap gidýän diwardan ybarat bolup, ikinji gatynyň daş tarapy ýarym aýlaw gasynlar arkaly bina edilipdir. Alymlaryň çaklamagyna görä, Al-Mamunyň köşki IX —

Jeýhunyň ýakasyndaky gadymy ýadygärlikler

Taryhyň şöhratly şahsyýeti

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý geçmiş taryhyna ser salanymyzda, olaryň dünýäniň dürli künjeginde onlarça döwleti, jahanşalyklary, hanlyklarydyr beglikleri döredendigine göz ýetirmek bolýar. Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen pähim bar. Şeýle döwletleri esaslandyrmakda meşhur türkmen soltanlarynyň, han-begleriniň, gerçek serkerdeleriniň bitiren hyzmatlary uludyr. Orta asyrlarda Göktürkmen döwletini esaslandyryp, uly işleri bitiren şeýle şahsyýetleriň biri-de Bumyn handyr. Bumyn han hakynda gadymy hytaý çeşmelerinde, şeýle-de Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda gabat gelinýär. Oguz türkmenleriniň Hun döwleti ýaşamagyny bes edendensoň, oguz-türkmen taýpalary birnäçe asyryň dowamynda sähralyklarda hökmürowanlyk eden käbir halklaryň garamagynda ýaşapdyrlar. Şol döwürde göktürkmenler žužan atly halkyýetiň hanlaryna demir eredip, ondan ok-ýaraglary, zähmet gurallaryny ýasap beripdirler. Göktürkmenler demir eretmäge, ondan ýokary hilli önümleri ýasamaga ökde bolupdyrlar. Emma elmydama erkinligiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Garaşsyz döwleti gurmak üçin amatly pursada garaşypdyrlar. VI asyryň ortalarynda Bumyn han göktürkmenleriň merdana, pähim-parasatly hany hökmünde öňe çykypdyr. Gaýduwsyz serkerde, şol bir wagtda ussat diplomat göktürkmenler bilen goňşy

Erkeklik mukamy (hekaýa)

Ol indi öz öýündedi. Geçen menzillerinden, başaran işlerinden lezzet alýardy. Ol wenger syýahatçysy, etnograf, türkşynas, gündogarşynas hökmünde eýýäm meşhur bolupdy. Ol wengerler üçin Arminiý Wamberi bolsa-da, gündogara derwüş sypatynda syýahat eden döwri Raşid Efendidi.