HABARLAR

Horasandan habar bersem

Türkmen halkynyň gojaman taryhynda öçmejek yz galdyran gadymy-antiki we orta asyr ýurtlaryň çäk serhetleri, ýerleşýän ýerleriniň taryhy arheologlar we gündogary öwreniji alymlar tarapyndan döwürlere bölüp öwrenildi. Alymlar tarapyndan öwrenilen ylmy-barlag işleriniň arasynda Horasanyň ýerleri baradaky taryhy maglumatlar gadymy-antiki we orta asyr medeni we syýasy ösüşler bilen berk baglanyşykly bolup, sebidiň taryhy aýratynlyklaryny öwrenmäge uly ähmiýet berdi. Taryhy nukdaýnazardan seredenimizde Horasanyň ýerleri baradaky maglumatlar Türkmenistanyň taryhynyň bir ülşi bolup durýar. Horasan welaýatynyň ady III asyrda ýüze çykyp başlapdyr. Sasanylar (224-651) döwletiň çäk-dolandyryş ýerleriniň serhedini bölenlerinde Günüň dogýan ýerlerini — Horasan, günbatar ýerlerini — Horwaran (Horbaran), demirgazygy — Bahtaraw, günorta ýerleri — Nimruz diýip atlandyrypdyrlar. Bu geografiki at XVIII asyryň ortalaryna çenli döwri öz içine alyp, çäk-dolandyryş ulgamy hökmünde dolanyşykda saklanylypdyr.

Horezmşalar-anuşteginler döwletiniň adalat ulgamy

Taryha ser salanymyzda, ýurdumyzyň çäginde kuwwatly döwletler dörändigi we şol döwletlerde kämil kanunçylyk hukuk ulgamynyň işi adalat ulgamynyň kämilleşmegi bilen amala aşyrylandygy baradaky maglumatlara gabat gelýäris. Sebitde ösen döwlet derejesine çenli ýokary göterilen, 1157 — 1231-nji ýyllarda halkara gatnaşyklary ulgamynda özbaşdak daşary syýasaty ýöreden Horezmşalar-Anuşteginler döwletinde hem adalat ulgamy ýurduň özbaşdaklygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, tertipli we kämil gurluşa eýe bolupdyr. Döwletiň adalat ulgamynda orta asyrlarda musulman döwletlerinde bolşy ýaly, adalatyň hökümi şerigatyň kanunlary we halkyň däp-dessurlary esasynda çykarylypdyr. Raýatlaryň arasynda ýüze çykan dawaly meseleler şerigatyň kanunlary esasynda düzülen kazyýetler tarapyndan çözülipdir.

Mukaddeslige öwrülen gymmatlyklar

Muzeý işgärleriniň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasynyň gadymdan galan nusgalaryny il içinde toplap, muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirip durmakdaky gözlegli işleri, şol gymmatlyklaryň her biri dogrusynda geçirýän ylmy derňewleri geçmiş taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Häzirki wagtda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde toplanylan nusgalaryň sany on iki ýarym müňden gowrak. Şol muzeý gymmatlyklarynyň arasynda taryhy ähmiýetli, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmeklige degişlileriň sany barha artýar, has irki döwürlere degişlileriň sany köpelýär. Irki döwürlere degişli pullar, gadymy teňňeleriň seýrek duşýan nusgalary, zergärçilik, küýzegärçilik, dokmaçylyk önümleri we senetçiligiň dürli ugurlaryna degişli gymmatlyklar muzeýimizi diňe bir görmek üçin gelýänleriň däl, eýsem geçmiş medeniýetimizi ylmy nukdaýnazardan öwrenmek isleýän bilermenleriň hem ünsüni özüne çekýär. Welaýatymyzda şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli guralýan dabaralarda muzeý işgärleri özleriniň göçme sergileri bilen ýygnananlara medeniýetli hyzmat edýärler. Dabaraly çärelere gatnaşyjylar muzeýiň gazna gymmatlyklaryndan guralan sergilere syn edip, ruhy lezzet alýarlar. Geçirilýän çärelerde sergä tomaşa et

Löw­ker — orta asyr şä­her-ker­wen­sa­ra­ýy

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da Mur­ga­byň ug­run­da­ky ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da hem gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. Şeý­le ýa­dy­gär­lik­le­riň bi­ri Asa­da­bat ýa-da Löw­ker ýa­dy­gär­li­gi­dir. Alym­la­ryň ýaz­ma­gy­na gö­rä, onuň Asa­da­bat, Löw­ker at­la­ry or­ta asyr­la­ryň ta­ry­hy çeş­me­le­rin­de duş gel­ýär. Ol söw­da du­ral­ga­sy, söw­da-ara­gat­na­şyk ýo­lun­da dü­şel­ge hök­mün­de bel­li bo­lup­dyr. Sy­ýa­hat­çy Ýa­kut Ha­ma­wy Asa­da­bat şä­he­rin­den di­ňe ga­la di­war­la­ry­nyň we bir sany go­rag di­ňi­niň sak­la­nyp ga­lan­dy­gy­ny gö­rüp­dir. Asa­da­bat­da­ky ýa­şa­ýyş IX — XI asyr­lar­da we XII asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li do­wam edip­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýer­li ila­tyň «Çaý­ba­ba» di­ýip at­lan­dyr­ýan ýe­ri bu şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ry­nyň az sak­la­nan bir bö­le­gi­dir.

Elmemmediň gowagy

Bu gowak Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Kürüždeý geňeşliginiň Durdyhan obasynyň demirgazyk tarapynda ýerleşip, onuň girelgesiniň ini 20 metre, beýikligi 3,5 metre, içiniň giňligi 55 inedördül metre, dikligine gazylan çykalgasyna alyp barýan bir adam sygarlyk oý bolsa takmynan 150 metre barabardyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde şeýle diýýär:

Döwletliligiň milli ahlak ýörelgeleri

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys» diýip nygtaýar. Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik duýgularyna ýugrulan bu sözler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde we onuň ähli ýurtlar bilen gatnaşygynda binýat bolup hyzmat edýän ahlak ýörelgeleriniň kökleri baradaky pikirleriň uşlybyny çözleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Halkymyzyň beýleki halklar bilen köp asyrlaryň dowamyndaky gatnaşygynyň, hyzmatdaşlygynyň taryhy tejribesi Bitaraplyk derejesini saýlap almagymyza esas bolandyr. Halkymyz islendik döwürde we islendik ýagdaýda dünýä bilen gatnaşyklarynda parahatçylygy söýüjilik, özara hormat goýmak, hemmelere deň göz bilen garamak, açyklyk häsiýetlerini elden bermändir» diýip bellemegi taryhy ýörelgelere belent sarpadan nyşandyr. Alym Arkadagymyz bu asylly ýörelgeleri kemala getirmekde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara we milli mirasymyza daýanmagyň zerurdygyny nygtap, edebi-filosofik eserinde: «Oguz türkmenleriniň orta asyrlardaky durmuşyny, syýasy şertlerini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny şöhlelendirýän «Gorkut ata» şadessanynyň many-mazmunyny gahrymançylyk, gaýduw

«Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda» atly ylmy duşuşyga

ŞÖHRATLY TARYHA GOÝULÝAN SARPA Her bir halkyň beýikligi onuň adamzat medeniýetine goşan goşandy, gojaman taryhyň şöhratly sahypalarynda galdyran yzy, asyr aşyp, döwür geçse-de, gymmaty egsilmeýän milli mirasy bilen kesgitlenilýär. Şol sebäpli hem, islendik bir ülke, ýurt hakynda gürrüň edilende ýa-da oňa syýahata gidilende onuň taryhy, medeni-binagärlik ýadygärlikleri uly gyzyklanma döredýär. Bu gymmatlyklar halkyň şöhratly geçmişini dikeltmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, her bir raýatyň aňynda, kalbynda milli buýsanç duýgusyny oýarmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Peştak howlulary

Türkmenleriň ХIХ asyrdaky oturymly ýaşaýyş jaý gurluşygy sungatynyň häsiýetli aýratynlyklaryny doly açyp görkezýän taryhy gymmatlyklaryň biri hem Peştak şäherine degişli bolan taryhy ýadygärliklerdir. Bu ýadygärlikler Kaka demirýol duralgasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, ХХ asyryň ortalaryna çenli gowy saklanypdyr. Bu ýerde arheologik barlaglary geçiren alymlar örän gyzykly tapyndylaryň üstünden bardylar. Şäheriň ady baryp ХII asyrda bu ýerde gurlan Peştak metjidi bilen baglanyşyklydyr. Bu şäheriň daşy 0,8 — 1 metr galyňlykdaky gala diwary bilen gurşalypdyr. Bu gurluşyklar ХVIII-ХIХ asyrlara degişli bolmak bilen, şäheriň ilaty 1876-njy ýylda bu ýerden Hywa göçüpdirler. 1947 — 1953-nji ýyllarda arheologlar bu ýerde ylmy-barlaglary geçiripdirler. Şol wagt bu ýerdäki ýaşaýyş we hojalyk jaýlary gowy saklanan eken. Şäherde gönüburçly howlular köp bolupdyr. Şäheriň günorta böleginde howlularyň köp bölegini gurluşyk tutupdyr. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň esasy görnüşi eýwanly jaýlar bolup, her jaý bir ýa-da birnäçe eýwandan ybarat eken. Jaýlar öz arasynda merkezi we burçdaky eýwanynyň bolmagy bilen tapawutlanypdyr. Käbir jaýlaryň merkezinde bir uly otag goýlup, onuň gapdallarynda iki sany eýwan goýlup salnypdyr. Jaýlaryň otaglary gönüburçly bolu

Binagärçilik sungatynyň ojagy

Taryhy açyşlaryň subut etmegine görä, binagärlik sungatynyň ilkinji nusgalarynyň hut şu toprakda kemala gelendigi baradaky maglumatlar alymlar topary tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Akademik N.I.Wawilowyň, professor Ö.Gündogdyýewiň bellemeklerine görä, «Günorta Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji dörän, kemala gelen, ýaýran ojaklarynyň biridir. Muňa paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 20 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän gadymy Jeýtun medeniýetiniň galyndysy hem şaýatlyk edýär. Häzirki zaman arheologiýa ylmynda «Jeýtun medeniýeti» gaty uly gymmatlyklaryň hatarynda goýulýar. Ahal welaýatynyň çäginde Jeýtun medeniýetine degişli — Çopandepe, Pessejikdepe ýaly gadymy obalaryň yzlary hem geçen asyryň ortalarynda arheolog alymlar tarapyndan ýüze çykarylypdy. Adamzat taryhynyň irki bürünç eýýamy magdan işläp bejermekde, külalçylyk önümçiliginde täze usullaryň peýda bolmagy bilen tapawutlanýar. Taryhyň gatlaryna siňen şeýle yzlary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bekrewe ýaşaýyş toplumynyň çäginde saklanyp galan Akdepe arheologiýa ýadygärliginde hem görmek bolýar.

Nusaý

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, gojaman Köpetdagyň günbataryna sary ýaýylyp gidýän Nusaý gaýtalanmajak gözelligi, özboluşly taryhy bilen asyrlaryň dowamynda dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki II—I asyrlara degişli bolan bu medeni ojak Köne we Täze Nusaýdan ybaratdyr. Bu töwerekler parfiýalylaryň gadymy medeni ojagynyň esasy şäheri bolupdyr.