Nusaý

30 Maý 2022
1963

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, gojaman Köpetdagyň günbataryna sary ýaýylyp gidýän Nusaý gaýtalanmajak gözelligi, özboluşly taryhy bilen asyrlaryň dowamynda dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki II—I asyrlara degişli bolan bu medeni ojak Köne we Täze Nusaýdan ybaratdyr. Bu töwerekler parfiýalylaryň gadymy medeni ojagynyň esasy şäheri bolupdyr.

Hüýrnabat KULMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň esasy hünärmeni.