Binagärçilik sungatynyň ojagy

31 Maý 2022
2256

Taryhy açyşlaryň subut etmegine görä, binagärlik sungatynyň ilkinji nusgalarynyň hut şu toprakda kemala gelendigi baradaky maglumatlar alymlar topary tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Akademik N.I.Wawilowyň, professor Ö.Gündogdyýewiň bellemeklerine görä, «Günorta Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji dörän, kemala gelen, ýaýran ojaklarynyň biridir. Muňa paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 20 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän gadymy Jeýtun medeniýetiniň galyndysy hem şaýatlyk edýär. Häzirki zaman arheologiýa ylmynda «Jeýtun medeniýeti» gaty uly gymmatlyklaryň hatarynda goýulýar. Ahal welaýatynyň çäginde Jeýtun medeniýetine degişli — Çopandepe, Pessejikdepe ýaly gadymy obalaryň yzlary hem geçen asyryň ortalarynda arheolog alymlar tarapyndan ýüze çykarylypdy.

Adamzat taryhynyň irki bürünç eýýamy magdan işläp bejermekde, külalçylyk önümçiliginde täze usullaryň peýda bolmagy bilen tapawutlanýar. Taryhyň gatlaryna siňen şeýle yzlary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bekrewe ýaşaýyş toplumynyň çäginde saklanyp galan Akdepe arheologiýa ýadygärliginde hem görmek bolýar.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýadygärlikleri öwrenmek we wagyz etmek bölüminiň başlygynyň orunbasary.