Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemala gelen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde halkymyzyň geçmişinden habar berýän taryhy wakalar yzygiderli beýan edilýär. Şol taryhy wakalaryň şaýady bolan medeni ýadygärlikler hem ýurdumyzyň ähli ýerlerinde açyk asmanyň astyndaky muzeý hökmünde alaňlap görünýär. Şeýle taryhy ýadygärlikleriň biri hem has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan Änew medeniýetidir. Änew medeniýetiniň çägi irki eneolit döwründen giçki orta asyrlara çenli öz ýaşaýşyny dowam etdiripdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Ol syýahatçylaryň ýatlamalarynda buýsanç bilen bellenilip geçilýär. Edebiýatlarda berlişine görä, «Änew» sözüniň özi XIX asyryň ahyrlarynda «Annaw», «Anow» diýlip, XX asyryň başlarynda «Ab-now», ýagny «täze suw» diýen düşünjeler esasynda atlandyrylypdyr. Eger-de Änewiň ýerindäki wakalar barada gürrüň etsek, onda ol toprak has gadymydyr.
Gadymy Änewiň demirgazyk we günorta depelerinde arheologik barlag işlerini alyp baran we ilkinji gezek uly açyşlary eden amerikan alymy Rafaell Pampellidir. 1908-nji ýylda Waşingtonda alym R.Pampelliniň «Änew medeniýeti» ady bilen 2 tomluk kitaby çapdan çykandan soň, Günorta Türkmenistanda biziň eýýamymyzdan öňki VI — V müňýyllyklarda ilkinji suwarymly ekerançylygyň bolandygyny tassyklaýjy maglumatlaryň esasynda Gündogary öwreniji alymlaryň arasynda uly-uly ylmy seslenmeler bolup başlaýar. Netijede, şol ylmy düşünje dünýä taryhynda şu güne çenli «Änew medeniýeti» ady bilen dowam edip gelýär.