HABARLAR

Halkymyzyň ebedi mirasy

(Zarisowka) Ine, muňa gudrat diýmän, näme diýersiň?! Halkyň dilinde: «Gudrat görseň, daglara bar!» diýen ganatly jümle bar. Emma gudratyň diňe bir daglarda däl, muzeýlerde hem bardygyny aýtsak, öte geçdigimiz bolmasa gerek. «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň «Daşmetjit» halk hünärleriniň muzeýiniň baý miras gaznasy bilen tanyş bolmagymyz hem munuň şeýledigini has aýdyňlaşdyrdy. «Kerwensaraý» ýadygärliginden ýüze çykarylan soňky tapyndylar ünsümizi has hem özüne çekdi.

Arkadag şäherinde meşhur şahsyýetler

 «7/24. tm», № 01 (136), 02.01.2022       GIRIŞ

Ýaş heýkeltaraşlaryň sergisi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary» atly sergi guraldy. Serginiň esasy maksady çeperçilik ugurlarynyň dürli görnüşleri boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de baý medeni-mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ähli ugurlary boýunça bilim alýan zehinli talyp ýaşlarynyň we uçurymlarynyň döredijilik eserleri görkezildi. Çeperçilik akademiýasynyň talyplary we ýaş uçurymlary özleriniň çeper eserlerinde we sungaty öwreniş işlerinde bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşi we milli mirasymyzyň gymmatlyklary beýan edilýär. Şeýle sergileriň geçirilip durulmagy ýaşlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň inçe tilsimlerine, binagärligiň we dizaýnyň döwrebap tehniki mümkinçiliklerine, estetiki we çeperçilik garaýyşlaryna göz ýetirmäge giň mümkinçilik berýär.  

Änew medeniýetleriň gözbaşynda

Ylhamyň we medeniýetiň ýardamçysy hasaplanylýan «Ganatly at» ýyldyzynyň (Pegas) dogýan pasly bolan güýz aýynda Watanymyza, şeýle hem tutuş türki dünýäsine goşa-goşa hoş habarlaryň buşlanmagy halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Ýagny, olaryň ikisem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (Türksoý) hemişelik geňeşiniň ýerleşýän ýeri bolan Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinden gelip gowuşdy. Guramanyň ýakynda geçen mejlisinde oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar. Şu ýerde beýik söz ussadynyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary» diýlip häsiýetlendirilmegi tüýs jüpüne düşüpdir. Bu barada ýörite pikir ýöretmek we ýazmak isleginde bolanymyz üçin, teswirlemämizi Änew medeniýeti hakynda dowam etdirmek isleýäris. Medeniýet diýlende, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň: «Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň medeniýetdigini hiç oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş düre, r

Daş «bägülleri»

«Tebigata söýgi — Watana söýgi. Tebigata söýgi — gözellige söýgi». Döwürdeş žurnalistimiz Nurtäç Annamuhammedowanyň mundan 10-12 ýyl ozal ýazan makalasynda okan bu jümlelerim ýadymda hemişelik galypdyr. Çünki gursagynda Watanyna söýgi bolan her bir adamyň ony tebigatdan üzňe göz öňüne-de getirip bilmejekdigi düşnüklidir. Tebigat gözelligini suratkeş öz eseri, ene hüwdüsi, sazanda sazy, şahyr şygry, halyçy göli, daýhan alyn deri bilen wasp edýär. Çünki türkmen topragynyň şol gözelliklerini bir ýere jemleýän tebigatda näçe diýseň täsinlik bar. Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynda dagam, deňzem, gür baglyklaram, alaň-alaň gum depelerem, sähralyklaram bar. Şol gum depeleriniň arasynda zähmetiň gaýnap-joşýandygy bolsa hemmämize mälimdir. Altyn ýaly lowurdap, haly düşelen ýaly egin-egin bolup ýatan belentli-pesli gum depeleriniň arasynda ene ýeriň teýinden zer öndürýän nebitgaz ýataklarynyň burawlary ho-ol uzaklardanam görünýär. Ine, şol çäge üýşmekleriniň arasynda dörän dag welin, ilkibada her kimi-de geň galdyrýar. Daglar, esasan, gaty, takyr ýa-da daşly ýerlerde döränsoň, bu hakykaty gözi bilen görmäge barýanlaryňam yzy üzülenok.

ABU-SEÝIT ARAMGÄHI

Türkmenistanda saklanyp galan ýadygärlikleriň arasynda Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýän Abu-Seýit aramgähi özüniň taryhy-binagärçilik ähmiýeti boýunça möhüm orna eýedir. Onuň ady halk arasynda Mänebaba hökmünde hem meşhurdyr. Bu aramgäh orta asyr Mäne şäherinde XI asyrda kuwwatly Seljuk döwletiniň emele gelýän we berkeýän döwründe, Horasanyň ykdysady taýdan gülläp ösýän wagtynda gurlupdyr. Aramgäh taryhy şahs hökmünde meşhur bolan şyh Abu-Seýit ibn Abul-Haýryň (968-1049) guburynyň üstünde bina edilipdir. Şyh Abu Seýit ýaşlyk ýyllarynda oňat bilim alyp, öz ömrüni dini taglymaty öwrenmäge bagyşlapdyr. Ol Gaznawylar nesilşalygynyň paýtagty bolan Gazna şäherinden gaýdyp we Merw şäheriniň şyhlarynda okuw geçipdir. Okuwyny doly ele alandan soň Abu-Seýit Mänä göçüp gelipdir, şol ýerde hem ömrüniň ahyryna çenli ýaşapdyr. Abu-Seýit Demirgazyk Horasanyň syýasy we ruhy durmuşynda möhüm orun tutupdyr. Onuň abraýy gaty belent bolupdyr. Hatda Seljuk döwletini esaslandyryjylar bolan Çagrybeg we Togrulbeg hem “Hökümdarlyga pata bermegi” üçin onuň ýanyna gelipdirler. Meşhur döwlet işgärleri - Seljuk soltanlary Alp Arslanyň we Mälikşanyň baş weziri Nyzam-al-Mülk hem onuň ýanyna tagzym etmäge gelip gider eken. Abu-Seýit ýogalandan soň, musulman ru

Edebi çeşmelerde soltan Jelaletdiniň keşbi

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy düýpli we çynlakaý öwrenmäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmen halkynyň şanly geçmişini, buýsançly taryhyny millilik esasynda täzeden ýazmakda, ondaky nämälim sahypalary anyklamakda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlarynyñ uludygy guwandyryjydyr. Türkmen taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiziň biri-de Köneürgenç türkmenleriniň iň soňky hökümdary Jelaletdin Meňburnydyr. E. Braunyň belleýşi ýaly, Jelaletdin we onuň esgerleri 1220 — 1231-nji ýyllarda mongollaryň ägirt uly ordasynyň öňünde duran yslamyň iň soňky sarsmaz galasydyr. Jelaletdiniň şöhratly ömür ýoly barada, pajygaly ömri barada ýazylan eserler munuň şeýledigini has-da tassyklaýar.

Mäne babadan pata alan seljuklar

Türkmen halkynyň gojaman taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Halkyň hakydasynda ebedi saklanan beýik şahsyýetler, parasatly akyldarlar we nusgawy şahyrlar milli buýsanjymyza öwrüldiler. Orta Gündogaryň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýet, keramatly pir Abusagyt Abylhaýyr Mäne baba, onuň ak pata beren meşhur seljuk serdarlary Çagry begiň we Togrul begiň Daňdanakan (Dendenakan) söweşine çenli ömür ýolunyň taryhyny özünde jemleýän, senenamalarda ebedi saklanyp galan wakalary ýatlamagy maksat edindik. Bu taryhy döwür türkmen halkynyň gojaman taryhynyň bir ülşi bolup, ynsan hakydasynda öçmejek yz galdyrdy. Oguzlaryň gynyk ilinden gaýdýan seljuklar nesilşalygy, Mawerannahryň we Horasanyň syýasy durmuşynda uly orun tutýar. Seljuklar X asyryň başlarynda Syrderýanyň orta we aşak akymlarynda döräp, ýer-ýurt tutunýarlar. Seljuklar öz nesilşalygyny, gözbaşyny oguz taýpa birleşigine we urug toparyna baştutanlyk eden Dukagyň ogly Seljukdan alyp gaýdýar.

Gadymy kerwensaraýlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa diýseň uludyr. Myhmansöýer halkymyz hemişe dost-doganlygyň, agzybir gatnaşygyň ýarany bolupdyr. Her bir ýurduň, sebitiň ählitaraplaýyn ösmegi üçin beýleki yklymlar bilen gatnaşyk hökmany şertleriň biri bolup durupdyr. Halkara gatnaşyklary, şonuň bilen birlikde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde häzirki döwürde myhmanhanalar nähili orun eýeleýän bolsa, gadym döwürlerde olaryň wezipesini kerwensaraýlar ýerine ýetiripdir. Müňýyllyklaryň taryhyny özünde jemleýän bu toprak ençeme ruhy-medeni, syýasy we ykdysady ösüşleriň merkezi bolup gelýär. Diýarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, ähli kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi hem bu ösüşe esasy oňyn täsir eden ýagdaýlaryň biridir. Gadymy Ürgenjiň, Amulyň, Merwiň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň ady tutulanda ösen medeni öwüşginleriň ählisi aňymyzda janlanýar.

Muzeýler — taryhy hazynalar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny, sungatyny gorap saklamak we geljek nesle aýawly ýetirmek maksady bilen gurlup ulanylmaga berlen döwrebap muzeý binalary sanardan kändir. Ylmy-barlag edaralaryň hatarynda muzeýler özboluşly orny eýeleýärler. Alnan ylmy netijeler ylmy açyşlaryň gaznasyny doldurýar we ylmyň dürli görnüşleri tarapyndan peýdalanylýar. Muzeý gymmatlyklary taryhy çeşme hökmünde çykyş edýär. Bu gymmatlyklar ýygnalanda derňewiň dowamynda çeşmelerden we olaryň ýany bilen berilýän maglumatlardan başga-da, arhiw resminamalary, goşmaça edebiýatlar we beýleki ylmy-maglumat beriji materiallar ulanylýar. Bular gymmatlygyň öwrenilmeginiň netijelerini takyklamaga ýardam berýär. Maddy çeşmelere esaslanýan arheologiýanyň mysalynda barlaglaryň geçirilişini anyk yzarlamak bolýar. Gazuw-agtaryş işleri döwründe tapyndylar ýazmaça, surata düşürmek arkaly bellige alynýar we resmileşdirilýär. Soňra tapyndylar baradaky maglumatlar ylmy barlaghanalarda öwrenmek arkaly ýüze çykarylýar. Bu ugurdaky barlaglar esbabyň ýasalan çig maly boýunça (meselem, demir, mata we deri, kagyz, daş, çüýşe, keramika) ýa-da beýleki alamatlary bilen bir hatarda, belli bir materiallaryň ulanylmagy bilen häsiýet