Ýaş heýkeltaraşlaryň sergisi

23 Dekabr 2022
1204

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary» atly sergi guraldy. Serginiň esasy maksady çeperçilik ugurlarynyň dürli görnüşleri boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de baý medeni-mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ähli ugurlary boýunça bilim alýan zehinli talyp ýaşlarynyň we uçurymlarynyň döredijilik eserleri görkezildi.

Çeperçilik akademiýasynyň talyplary we ýaş uçurymlary özleriniň çeper eserlerinde we sungaty öwreniş işlerinde bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşi we milli mirasymyzyň gymmatlyklary beýan edilýär. Şeýle sergileriň geçirilip durulmagy ýaşlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň inçe tilsimlerine, binagärligiň we dizaýnyň döwrebap tehniki mümkinçiliklerine, estetiki we çeperçilik garaýyşlaryna göz ýetirmäge giň mümkinçilik berýär.  

Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.