Magtymguly Pyragynyň ylym-bilim gözleginde birnäçe ýyllap özbek topragynyň duzuny iýendigi hemmä mälimdir. Ussadyň nazary, gadamy düşen mukaddes ýerlere — Idris baba, Gögeldaş, Şirgazy medreselerine gaýybana zyýarat etmek okyjylarda ýakymly täsir galdyrar diýen tamamyz bar.
Halaçdaky Idris baba medresesi XVII asyrda öz döwrüniň derwüşçilik akymynyň uly wekili bolan Idris Muhammet ogly tarapyndan bina edilipdir. Ilkibada medresäniň ýigrimi dört sany hüjresi, daşyna belent haýat aýlanan howlusy, dört burçunda belent diňleri bolupdyr. Ýöne tebigy sebäpler bilen onuň diňleri biziň günlerimize çenli saklanyp galmandyr. Akyldaryň bilim alan medresesi welin ýyllaryň synagyndan geçip, öňki durkunda saklanyp galypdyr.