Ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Ynha, ýakynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu halkara maslahatyň geçirilmegi alymlaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikdir, şeýle hem şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakda netijelidir.