Mälik Pälwan
Türkmeniň ynançlary, edim-gylymlary ýyllaryň geçmegine garamazdan, häzirki günde hem ýörgünli dowam etdirilýär. Türkmen başyna agyr iş düşende-de, döwletli işiň başyna baranda-da, ýüregine teselli gözlände-de rowaýatlaryň üsti bilen, halka ýetirilen keramatly, gudratly saýylýan ýerlere, öwlüýälere baryp, aýat-töwir edip, geçmişini sarpalaýar. Şeýle mukaddes ýerleriň biri hem Duşak obasynyň ilersinde, dag etegindäki baýyrlygyň içinde ýerleşýän Garpyzly öwlüýäsidir. Bu ýer indi ençeme ýyl bäri il içinde Mälik Aždar diýip adygan pälwanyň ýatan ýeri hasaplanýar. Eýsem, Mälik Aždar pälwan kim bolupdyr? Ýaşlygyndan kakasy Hars patyşanyň elinde Hezreti Alydan ar almak islegi bilen terbiýelenen Mälik eýýäm 18 ýaşynda daýaw göwre batyr pälwan bolup ýetişýär. Gujur-gaýraty, gazaby hernäçe ýeterlik bolsa-da, heniz Mäligi ýaş hasap edýän Hars patyşa Alynyň garşysyna oglunyň ýany bilen öz serkerdebaşysyny goşup ugradýar. Mälik pälwan erkek doganlarynyň aryny almaga giden hem bolsa, yzyna tutuş goşuny bilen yslam dinini kabul edip, üstesine-de, Aly bilen dogan okaşyp gaýdýar. Bu ýagdaý Hars patyşanyň gahardan ýaňa sanalgysynyň dolmagyna sebäp bolýar. Mäligiň Hezreti Alynyň ýanyna baryp, gudrat görmek isleginiň soňy tutuş Nepis şäheriniň raýatla