Sadranç

19 Dekabr 2023
1823

Taryha ser salsak, küşt oýnunyň ady «sadranç» diýip atlandyrylýar. Sadranç öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu barada türkmen alymlary kitaplar ýazypdyrlar. Şol kitaplaryň arasynda Ahmet Bekmyradowyň ýazan «Sadrançnama» kitaby hem-de Şaman Baýrammyradowyň arap dilinden terjime eden «Sadranç» kitabyny bellemek bolar. A.Bekmyradow «Sadrançnama» atly kitabynda küşt sungatynyň ilkinji gezek nirede ýüze çykandygy barada ýazýar. Ş.Baýrammyradow bolsa as-Sulynyň, al-Adlynyň we başga-da birnäçe alymlaryň küşt baradaky oý-pikirlerini arap dilinden türkmen diline terjime edipdir.

Kitaplarda ýazylyşyna görä, küşt oýnunyň dörän ýeri Hindistan hasaplanyp, Ferdöwsiniň «Şanama» kitabynda, Abu Reýhan Birunynyň «Hindistan» atly eserinde ýatlanylyp geçilýär. Küşt oýnuny alymlaryň aglaba köpüsi söweş hereketleri bilen baglanyşdyrypdyrlar. Taryhda türkmenleriň arasynda hem belli küştçüler bolupdyr. Şol küştçüleriň arasynda türkmen küştçüsi as-Sulynyň işleri we ol baradaky maglumatlar Gündogaryň taryhyny we edebiýatyny öwrenmekde esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Şol wagtlar küşt oýnamakda onuň deňi-taýy bolmandyr. Onuň ady küştçüleriň arasynda öz döwründe «as-Sadranjy» lakamy bilen tanalypdyr.

Oguljennet MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.