Öz döwründe fransuz suratçysy Polýa Nadaryň «Zakaspiý demirýoly» boýunça düşüren suratlary Žýul Werniň «Klodus Bobernak» atly romanyny ýazmaga itergi beren bolsa, bu otly bilen syýahaty Edgar Bulanženiň «VOYAGE A MERV» («Merwe syýahat») atly ajaýyp kitabyny ýazmagyna sebäp bolýar.
Demirýoly ýurdumyzyň ilkinji logistiki infrastrukturasy bolmak bilen, Türkmenbaşy şäherinden başlangyjyny alýar. Demirýol iki ugur boýunça kesgitlenip, birinji ýa-da esasy ugry Samarkant bekedine (1415 wýorst), ikinji ugry bolsa Owganystanyň Turgundy serhet bekedine (1144 wýorst) barýar. Wýorst — uzaklyk ölçeg birligi bolup, bir wýorst 1066,8 metre deňdir.