Sport — ruhubelent ýaşlygyň hemrasy
«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň hasam giň ýaýbaňlanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň rowaçlanmagy, ýurdumyzyň sport abraýynyň dünýäde ýokarlanmagy Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwlet derejesinde ileri tutulýan wajyp wezipelere degişlidir. Ilatyň sport bilen meşgullanmagy, ussat türgenleriň kemala gelmegi, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň we ähli raýatlaryň sport çärelerine hem-de bäsleşiklerine giňden çekilmegi üçin barha amatly şertler döredilýär. Netijede, häzirki döwürde sport bilen çagalykdan dostlaşan sagdyn, berk bedenli hem-de syratly ýaşlarymyzyň sany gitdigiçe artýar.