Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça ulularyň arasyndaky dünýä çempionatynyň hem-de 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginiň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň uly üstünligi bilen jemlenmegi sportuň bu görnüşinden milli mekdebimiziň ajaýyp ýeňşine öwrüldi. Dünýä çempionatynda 34 ýurda wekilçilik eden türgenleriň 250-den gowragy baýrakly orunlar ugrunda göreşdi.
Ulularyň dünýä çempionatynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçylary Abdyresul Durdyýew (62 kg) bilen Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg) hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew (90 kg) garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, altyn medallary gazanmagyň hötdesinden geldiler.