Sport we ýaşlar
Golaýda TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrapdaky 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa guramanyň wekilleri, tälimçiler, ýaş türgenler gatnaşyp, dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzyň sport mümkinçilikleri, bu ugurdan gazanylýan netijeler hem-de amala aşyrylýan işler barada täsirli söhbet etdiler. Çykyşlaryň dowamynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellenildi. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.