Parahatçylygyň ilçisi, sagdyn we bagtyýar jemgyýeti berkarar etmegiň güwäsi hasaplanylýan sport bütin dünýäde uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda häzirki zaman sport düzümleriniň döredilmeginiň, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylmagynyň, abraýly halkara ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen sportuny has-da belent derejä çykarmak, ussat türgenleriň täze neslini kemala getirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän berk binýatly, ösen sport ulgamy döredildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän sport toplumlary, paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap sport desgalaryny öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy gurlup, ulanylmaga berildi.