Erjeller üstün çykdy

9 Awgust 2024
518

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Kim çalasyn?!» ady bilen sportuň hereketli oýunlar görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi hem-de «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Ýaş nesli sport-sagaldyş hereketine giňden çekmekde, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakda, şeýle-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ýaryş çekeleşikli häsiýeti bilen tapawutlandy. Oňa gatnaşan çagalar hereketli oýunlaryň birnäçe görnüşinde özara bäsleşmek bilen, ýeňiş gazanmak ugrunda ähli ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.