HABARLAR

Dewisiň kubogy: 121 ýyllyk ýol

Bu ýol ýaryşy ABŞ-dan Türkmenistana çenli alyp gelýär Gör, neneň oňat! Ýene sportly, has takygy, sportuň ruhuna eýlenen baýramçylykly günler gelýär. Şu ýyl mukaddes bagtynyň — beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etjek Türkmenistan Tennis boýunça Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyryny we Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem kabul eder. Şu ýazgylarymyzda şol ýaryşlaryň ilkinjisi — Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyry barada gürrüň etmegi makul bildik.

Sagdyn ýaşaýyş we sport sazlaşygynyň täze depginleri

Paýtagtymyzda sebit boýunça deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň ulanylmaga berilmegi, sport döwleti diýlip ykrar edilen Diýarymyza ýokary derejeli ýaryşlary kabul etmäge mümkinçilik döretdi. Olardan Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, birnäçe sport görnüşlerinde geçen synag ýaryşlary, sambo we söweş sambosy boýunça geçen Aziýa çempionaty, esasanda, 2017-nji ýylda iri sport baýramçylygyna öwrülen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ildeşlerimiziň ýadyndadyr. Bu ýaryşlar türkmen sportunyň abraýynyň halkara derejelere çykandygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi hem-de olaryň guramaçylyk derejesi köp sanly daşary ýurtly hünärmenlerdir sport ýolbaşçylarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ine, gözel paýtagtymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýene-de birnäçe ýokary derejeli ýaryşlary kabul etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle-de, ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak babatda gol çeken Karary bu taýýarlygyň başlangyjyny goýmak bilen, ýurdumyzda sport we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini özünde jemle

Sport we ekologiýa: sagdynlygyň sazlaşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýedigi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýändigi, ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen dana pähimden ugur alyp, biz — ýaşlara ruhy hem beden kämilliginiň ajaýyp görelde mekdebi bolup durýar. Ýaşlaryň arasynda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sporty bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşini sazlaşykly ösdürmäge, bar bolan düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, welosiped sporty bilen giň köpçüligiň meşgullanmagyny ýola goýmaga gönükdirilen «Türkmenistanda 2021−— 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde welosiped sporty yzygiderli ösdürilýär.

Sport — ýaşlaryň durmuş ýörelgesi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde, ösüp gelýän nesilleri sporta çekmekde, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda alnyp barylýan işlere täzeçe many-mazmunda uly itergi berer. Häzirki wagtda Diýarymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň kanunçylyk binýady has-da kämilleşdirilýär. daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňden ösdürilýär. Bu ugurda dünýä tejribesiniň gazananlaryny özleşdirmek we ýaşlaryň arasynda halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak babatda hem uly üstünlikler gazanylýar.

Geliň, bedenimizi berkideliň!

Ýurdumyzda her bir adamyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda uly aladalary edýän milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmekde uly tagallalary edýär. Ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň ünsden düşürilmeýändigine gurulýan hassahanalary, şypahanalary göreniňde göz ýetirýärsiň.

Sport bilen aýdyň geljege tarap

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna bagyşlanyp, talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň ýaşlary sporta höweslendirmek barada öňde goýan wezipeleri, Maksatnamada bellenen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek barada işjeň gürrüň edildi. Ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegini, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasyna, zähmete söýgi döretmek maksady bilen guralýan çäreleriň ähmiýeti buýsanç bilen nygtalyp, ata Watanymyzy halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Olimpiýa şäherçesi — Aşgabadyň göwher gaşy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar bilen geçýän ýylymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ýurdumyzda geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hormatly Prezidentimiziň welosiped sportuny ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň dabaralary bilen sazlaşýan bu taryhy sport ýaryşlarynyň ak şäherimizde geçirilmegi türkmen paýtagtynyň şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Aşgabadyň öň hem dünýäniň welosiped sporty boýunça taryhy wakalar bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alnanlygy hemmämize mälimdir. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň çäginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän 6 müň orunlyk döwrebap Welotrek merkezi hereket edýär. Sportuň şu görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde meýilleşdirilýän bu merkez binagärlik aýratynlygy, ajaýyp şertleri, türgenleşmek üçin döwrebap enjamlary we amatly mümkinçilikleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzda «Welosiped» binasynyň döredilmegi hem öňdengörüji milli Liderimiziň sportuň şu görnüşini ösdürmekdäki ajaýyp tagallalarynyň biridir.

Sport — sagdyn ýaşaýşyň girewi

Halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» diýen pähim bar. Bu pähim häzirki döwürde ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýan bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlerde ugur alynýan özboluşly çelgi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, jemgyýetimiziň hem döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny berkitmek, ýaşlary sport ruhunda terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýakynda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Alyslary nazarlaýan tälimçi

Sport we ýaşlyk güýç-kuwwaty, egsilmez hyjuwy alamatlandyrýar. Bulary durmuş ýörelgesine öwren bagtyýar ýaşlarymyzyň biri hem Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň welosiped sporty boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Nargeldi Igdirowdyr. Häzirki wagtda Nargeldi Igdirow Aşgabat şäherinde geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen paýtagtymyzda türgenleşik geçýär. Şol sebäpli hem, onuň bilen telefon arkaly söhbetdeş bolduk.

Zehin bilen yhlasyň sazlaşygynda taplanan türgen

Paýtagtymyzdaky 2-nji sport mekdebiniň kikboksing bölüminiň ezber tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň sport älemindäki zähmet ýoly, bu ugurda gazanan üstünlikleri, köp sanly türgenler bilen düşünişmek ukyby häzirki ýaş tälimçilerimiz üçin nusga alarlyk mekdepdir. Ine, biziň şu makalamyz hem, şol nusgalyk ýörelgäniň syrlaryny okyjylar köpçüligine sada dilde ýetirmäge bolan synanyşykdyr. Orazmuhammet 1993-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Kerim Gurbannepesow adyndaky 52-nji orta mekdebinde 1-nji synpa okuwa barýar. Mekdepden uzakda bolmadyk bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilýän türgenleşikler eýýäm şol wagtlardan başlap onuň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolýar. Kikboksing ussadynyň öz ýatlamagyna görä, ol her gün diýen ýaly mekdepdäki uly arakesmede ylgap, şol türgenleşikleri görmäge gider ekeni. Onuň yhlasyna görä, mekdepdäki uly arakesme karate boýunça geçirilýän türgenleşikleriň wagty bilen gabat gelipdir. Şeýlelikde, Orazmuhammediň çaga kalbynda karate bilen meşgullanmak höwesi möwç urýar. Ol bu islegini kakasyna aýan edýär we tiz wagtdan maşgalabaşy Dörtguly aga perzendini «Demirýolçy» bedenterbiýe-sagaldyş toplumyna alyp barýar. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Arif Buharakow karate türgenleşiklerini alyp barýardy. Orazmuhammet hem ýaş karateç