Eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mähriban halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşynyň ýokarlanmagy babatda hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen uly işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde adam saglygyna uly üns berilýär. Çünki adam saglygy elmydama üns merkezinde durýan esasy meseleleriň hatarynda durýar. Geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halkymyza gowuşdy. Milli Liderimiziň halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan syýasaty iş ýüzünde beýik taglymat hökmünde öz ornuny tapýar. Munuň özi döwletimizde adamyň ömrüniň, onuň saglygynyň, abadançylygynyň, mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň döwlet üçin ýokary gymmatlyk bolup durýandygynyň kepillendirmesi hökmünde çykyş edýär.
Halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» ýa-da «Saglykdan gymmatly zat ýok» diýlen aýtgy hem bar. Beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy goşgusynda «Jany sagyň sözlär tili» diýip bellemek bilen, ynsan saglygyna ýokary ähmiýet berýär. Biziň ata-babalarymyzdan gelýän sagdyn durmuş ýörelgesi häzirki günde halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.