Sport we ýaşlyk güýç-kuwwaty, egsilmez hyjuwy alamatlandyrýar. Bulary durmuş ýörelgesine öwren bagtyýar ýaşlarymyzyň biri hem Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň welosiped sporty boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Nargeldi Igdirowdyr.
Häzirki wagtda Nargeldi Igdirow Aşgabat şäherinde geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen paýtagtymyzda türgenleşik geçýär. Şol sebäpli hem, onuň bilen telefon arkaly söhbetdeş bolduk.