HABARLAR

Ruhumyz belent

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda sporta berilýän ünsüň artmagy türkmen sportunyň ösmegine uly itergi berýär. Diýarymyzyň çar künjünde gurlup, ulanylmaga berilýän sport mekdepleri, sport desgalary türkmen ýaşlarynyň söýgüli mekanyna öwrülýär.

Türkmen sportunyň altyn ýyldyzy

Türkmenistanly zenan türgenleriň soňky ýyllarda halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerine üns berýän bolsaňyz gerek. Olar bu üstünlikleri sambo, kuraş, agyr atletika ýaly, esasan, erkek kişilere mahsus, şolaryň has üstünlikli çykyş edip biläýjek ýaryşlarynda gazanýarlar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda öňňin, 10-njy martda bolan dabaralarda zenan türgenlerimiziň halkara sport ussatlygyna goýulýan belent sarpa ýene bir ýola örboýuna galdy. Dünýä çempionlygy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde buşlanylan Ýulduz Jumabaýewa altyn medallar hut hormatly Prezidentimiziň özi tarapyndan gowşuryldy. Türgen üçin altyn medallary ýurt Baştutanyndan almakdan ýokary mertebe barmyka?! Bu hakykat dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň, belki, hyýallaryna-da sygan däldir. Muny onuň gözlerinden hem okap bolýar. Ykbalynyň iň arzyly peşgeşiniň ganatynda gaýyp ýören 23 ýaşly türgen gyzyň dabarada eden çykyşynda birazajyk tolgunma duýulýan hem bolsa, sözler ýüreginiň çuňlugyndan çogup çykdy. Sportumyzyň Howandary — milli Liderimiziň adyna alkyş bu çykyşyň özenini düzdi.

Ýeňişleriň hemde şöhratly ösüşleriň mekanynda

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ähli durmuş düzümlerini sazlaşykly ösdürýän beýik başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her gününi şanly wakalara, uly üstünlikleriň baýramyna besleýär. Şu ýylyň 10njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara hem bu babatdaky aýdyň beýandyr. Türkmen türgeniniň dünýäde gazanan uly üstünligi mynasybetli guralan bu dabara hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna hemde paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanan möhüm wakalary mynasyp mazmun bilen bezedi. Munuň özi Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň täze Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Bu barada dünýäniň habar beriş serişdelerindede öwranöwran nygtalýar.

Sport — sagdyn durmuşyň badalgasy

Hormatly Prezidentimiz: «Sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýär hem-de ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, bu ugurdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns gönükdirýär. Munuň özi türkmen sportunyň täze belentliklere çykmagyna, ussat türgenleriň kemala gelmegine giň mümkinçilikleri açýar, berkarar Watanymyzyň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň belende galmagyna şert döredýär. Bu gün her birimiziň türkmen sportunyň ösüşine guwanmaga we buýsanmaga hakymyz bardyr. Häzirki wagtda diýarymyzyň dürli künjeklerinde köp ugurly sport toplumlary, döwrebap sport mekdepleridir meýdançalary, stadionlar hereket edýär. Olarda ýaşlar üçin türgenleşik geçmäge, sportda barha taplanmaga, şeýle-de dürli görnüşli ýaryşlary guramaga giň şertler bar. Bu bolsa, türkmen sportunyň abraýyny arşa göterjek türgenleri kemala getirmegiň esasy şertlerini üpjün edýär.

Buýsanja beslenen taryhy waka

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň sport ulgamynda hem ýokary derejedäki ösüşler, ýeňişler yzygiderli gazanylýar. Türkmen türgenleri dünýä ýaryşlarynda, olimpiadalarda, uniwersiadalarda ýokary netijelere eýe bolýarlar. Türgenleriň sport bäsleşiklerinde gazanýan ýeňişleri köp babatda halypalarynyň, tälimçileriniň irginsiz zähmetine, talabedijiligine hem-de türgenleşik işlerini ylmy esasda alyp barmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigini islendik türgen bilen söhbetdeş bolanyňda göz ýetirse bolýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewanyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony adyna mynasyp bolandygy biziň hemmämizi buýsandyrýar. Sport ruhy we beden saglygynyň daýanjy, jemgyýetiň kämilleşmeginiň binýady hasap edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen bir hatarda ýaşlarda sporta bolan höwesiň, söýginiň döremegine hem uly üns berýär. Ýurdumyzyň sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Stadionlar, sport desgalary gurulýar. Olarda häzirki zaman sport enjamlary gurnalýar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesini alyp göreliň, ol ýerde dünýäniň iň täze sport enjamlary ýerleşdirilen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Belent hormatyň göreldesi

Ýulduz JUMABAÝEWA, agyr atletika boýunça dünýä çempiony: — Biz, türgenler, hormatly Prezidentimize näçe alkyş aýtsak hem bärden gaýdýar. Iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda türgenleşýäris. Biziň üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olara halkara ýaryşlardaky üstünlikler bilen jogap bermek — biziň esasy borjumyz. Halkara ýaryşlaryň birnäçesinde, şol sanda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem muny başarandygyma diýseň begenýärin. Ýurdumyzyň taryhynda agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji zenan türgen bolmak, şol ýaryşda ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny täzelemek, bu gün bolsa altyn medallary hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden almak — ykbalymyň beýik peşgeşi. Gahryman Arkadagymyz «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna-da mynasyp gördi, döwrebap awtoulag-da sowgat berdi.

Gyzykly geçen bäsleşik

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, maşgalada agzybirligi, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda geçiren çäresem şol maksatlardan ugur aldy. «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» ady bilen maşgala toparlarynyň arasynda guralan sport bäsleşigi diýseň gyzykly hem çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

Sport — parahatçylygyň ilçisi

Hormatly Prezidentimiz «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi 9-njy martda milli Liderimiz «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Ýurdumyzyň sport abraýy pugtalanýar

Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça rowaç gadamlar bilen öňe barýar. Şolar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sport abraýy hem bütin dünýäde dabaralanýar. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabara ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ili türkmen, ady Ýulduz

Her bir ynsanyň ömründe gaýtalanmaýan pursatlar bolýar. Är ömrüni ýaşanyňda agtyk-çowluklaryňy daşyňa üýşürip, döretmek, gurmak üçin gysga, garaşmak üçin uzyn görünýän ömrüň dowamynda şaýat bolan buýsançly wakalaryňdan söz açyp, boý boýlarsyň. Dädem Gorkutdan miras galan bu däbi dowam edip, ömürboýy ýüregiňde göterip gezen, her gezek ýatlanyňda ýylysy diňe kalbyňa däl, eýsem, bütin süňňüňe ornap gidýän ýatlamalaryňy nesliň-neberäň bilen paýlaşarsyň. Olaryň bu ýörelgäni dowam etdirerini bolsa halys ýüregiňden islärsiň. Biziň şu günki bütin il bolup buýsanýan türgen gyzymyz ýaňy iki onlugy egninden aşyran günleri ähli türkmen nesline buýsanmaga esas boljak işiň hötdesinden geldi. Türkmen halkynda hötdesinden gelmesi agyr iş amal edilse, «Är işini bitirdi» diýilmesi bardyr. Müçesiniň kiçidigi üçin daşyndan göräýmäge agyr atletikaçydyr öýtdürmeýän bu gyz türkmen halkynyň şanly-şöhratly taryhynyň gatynda orun alan edermen zenanlarymyzyň görüm-göreldesine eýerip, dünýä çempionatynda «Är işini bitirdi». Şol wakanyň dabarasy bolsa dumly-duşa at saldy. Sanly tehnologiýalaryň parlap-pajarlap ösýän zamanasynda bu hoş habar, ýagny türkmen gyzynyň dünýä çempiony bolandygynyň «buşlugy» ilki elektron neşirlerde ýerleşdirildi,