Sport — saglygyň gözbaşy

1 Mart 2021
1437

Ak mermere beslenen, Aziýanyň merjen şäheri bolan gözel Aşgabadymyzda, welaýatlarymyzyň ähli ýerlerinde mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ösen tehniki sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport desgalary, suw toplumlary gurlup ulanylmaga berlip, olar ýaşlaryň, sport söýüjileriň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp günlerinde geçiriljek bäsleşikleriň, dabaralaryň mysalynda hem görmek bolýar.

Häzirki wagtda peýdaly we ekologiýa taýdan arassa bolan welosiped sporty köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzda welosiped sporty boýunça köpçülikleýin ýörişleriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Şeýle ýörişler welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyna ýol açýar.

«Watan».