Ýurdumyzda saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gurulýan sport toplumlarydyr merkezleri, stadionlar, sport mekdepleri we beýleki döwrebap sport desgalary muňa aýdyň mysaldyr. Şeýle ähmiýetli işleriň netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesi pugtalanýar, sport bilen gyzyklanýanlaryň sany günsaýyn artýar.
Bu gün ýurdumyzda hereket edýän döwrebap sport mekdepleri ýaş nesilleriň sport ulgamynda has-da kämilleşmegine itergi bolýar. Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebinde hem sagdyn, berk bedenli, ruhubelent hem-de sportda ýokary netijeleri gazanýan türgenleriň kemala gelmeginde guwandyryjy işler alnyp barylýar. Mekdebiň kaşaň binasy döwrebap ülňülere laýyklykda gurlup, ähli şertler bilen üpjün edilen giň zallary bar.