HABARLAR

Ýeňil atletika ýaryşy

Änew şäherindäki sport mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. Oňa Ak bugdaý etrabyndaky orta mekdepleriň 33-sinden toparlar gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak hem-de güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşa çekeleşiklilik häsiýeti mahsus boldy. Onda okuwçy oglanlara ýeňil atletikanyň 100 metr aralyga ylgamak, estafeta, uzynlygyna bökmek, okuwçy gyzlara 60 metr aralyga ylgamak, estafeta, uzynlygyna bökmek ýaly görnüşleri boýunça öz aralarynda bäsleşmäge giň mümkinçilikler döredildi.

Sportuň saglyga peýdasy

Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Jany sagyň göwni çag» pähimlerinden ugur alynýar. Dürli ýaşlardaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna uly üns berilýär. Sport bilen meşgullanmak we haýsy-da bolsa maşklary ýerine ýetirmek adam bedenine täsir edýär. Ol ýürek-damar we myşsa-süňk ulgamynyň işini gowulaşdyrýar, ömri uzaldýar. Şeýle hem sport bilen meşgullanmak howply täze döreme keseliniň öňüni alýar, adamyň psihik ösüşini gowulandyrýar we sussupesligi aradan aýyrýar.

Bagtyýarlygyň güwäsi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gorap saklamakda, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde sport desgalarynyň hatarynyň artýandygy, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriň döredilýändigi döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny gorap saklamaklyga gönükdirilen tutumly işleriniň rowaçlanýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarda bedenterbiýä we sporta bolan söýgini terbiýelemek babatda alyp barýan syýasatyna öz goşandymyzy goşmak maksady bilen, edaramyzda hem sporta höwesli ýaşlaryň arasynda gyzykly ýaryşlary yzygiderli geçirip durýarys. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty hemişelik hemra edinýän raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Gujur-gaýratyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde uly işler alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport hereketleri adamyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna we netijeli zähmet çekmegine ýardam edýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen türgenleri ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar we ýaşyl Tugumyzy ýeňiş münberinde al-asmana pasyrdadyp döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler. Ýaş nesliň sagdyn bolmagy röwşen geljegimiziň binýadydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, onuň adam saglygyna edýän täsirini raýatlaryň hereket işjeňligini artdyrmak ýaly häsiýetleri halk arasynda ornaşdyrmak işlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri hem çetde duranoklar. Olar ýaşlaryň arasynda birnäçe ýaryşlary, dabaralary, dürli bäsleşikleri geçirip, olary Hormat hatlar we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglaýarlar. Ýaş nesillerde hereketsizligiň dowamly bolmagy olarda dürli keselleriň ýüze çykmagyna we işjeňliginiň peselmegine getirýär. Şu n

Halkara sport merkezi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy, nusgalyk döwletine öwrüldi. Bütin dünýäde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Diýarymyzyň gözel paýtagty Aşgabat bu günki gün iri sport ýaryşlarynyň, çempionatlaryň geçirilýän merkezi hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar we bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň döwrebap binalary ak mermerli paýtagt şäherimize özboluşly görk berýär. Olimpiýa şäherçesindäki, «Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky desgalary, «Aşgabat», «Olimp» stadionlaryny, «Aşgabat» golf klubuny synlanyňda hem ýurdumyzda sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle döwrebap sport desgalarynda halkara derejesindäki ýaryşlary guramaçylykly geçirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Gurlup ulanylmaga berilýän sport binalary iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ýurdumyzyň uly mümkinçilige we baý tejribä eýedigini görkezýär.

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

Ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmäge, şeýle-de sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giň şertler döredilýär. Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleridir harby bölümlerinde, şonuň ýaly-da serhet galalarynda gulluk edýän merdana serhetçiler hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýärler, sportuň dürli görnüşleri boýunça işjeň meşgullanýarlar. Olar her täze güni uzak aralyga ylgamakdan we beden berkidiji maşklary ýerine ýetirmekden başlaýarlar. Hut şonuň netijesinde-de, serhetçi türgenler geçirilýän sport ýaryşlarynda özleriniň ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Saglyk — bagtyýarlyk

Sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe — Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşaýan her bir ynsanyň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesi ildeşlerimiziň, ylaýta-da, harby gullukçylaryň durmuş ýörelgesidir. Muňa TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda guralýan sport çäreleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Ynsan saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňeýän milli Liderimiz ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde diňe bir döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalaryny gurdurmak bilen çäklenmän, sagdyn ýaşaýşy guramakda-da ählimize nusgalyk görelde görkezýär. Diňe bir welosiped sürmekde däl, eýsem, atly gezelenç etmekde-de, dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmekde-de, sport ulaglaryna erk etmekde-de, umuman, sportuň ähli ugurlarynda-da hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesi biziň üçin ýörelge mekdebi bolup durýar. Şoňa laýyklykda harby ýokary okuw mekdebimizde harby gullukçylaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde, ýakynda Harby institutyň terbiýeçilik işleri boýunça bölümi TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde sport bäsleşiklerini gurad

Ýyldyrym ýetdirmez ýellere, bedew!

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Onda ýeňiji bolan çapyksuwarlara, şeýle-de 19-njy aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça konkur ýaryşynda we 24-nji aprelde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde ýeňiji bolan türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Şa serpaýlary gowşuryldy. Sagrysy serpaýly bedewlerimiziň hormatyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynda Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Begençmyrat AGAMYRADOW, 7-nji çapyşygyň ýeňijisi:

Yhlas edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilen işler gerim alýar. Ilatyň saglygyny goramakda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegem uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem sport mekdeplerinde we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany artýar. Ýaşlary beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, ezber türgenleri ýetişdirmekde biziň sport mekdebimizde-de uly işler bitirilýär. Tejribeli tälimçilerimiziň ýolbaşçylygynda ýaş türgenlerimiz öz saýlan ugurlary boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Türgenleşikler şu günüň ýokary talabyna laýyklykda alnyp barylýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport mekdebimiziň Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň netijeleri ýaşlaryň sporta bolan isleg-höwesleriniň barha ýokarlanýandygyny äşgär etdi. Munuň özi milli Liderimiziň yglan eden sport syýasatynyň rowaçlanýandygyny subut etdi.

Baýramçylyk at çapyşyklary

DÜÝN Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar goşa senäniň toý joşgunyny belende göterdi. Atçylyk sport toplumynyň golaýyndaky toý meýdançasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary giň gerim aldy. Toplumda geçirilen baýramçylyk at çapyşyklary uly gyzyklanma eýe boldy. Toý gününde ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Birinji, ikinj, üçünji, dördünji çapyşyklar üçin 1200 metr aralyk bellenilip, olarda bedewler degişlilikde “Polatly”, “Meleguş”, “Gelşikli”, “Ýanardag” baýraklaryny almak ugrunda ýyndamlygyny görkezdiler. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly atly gara aty, ikinji çapyşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Garabatyr atly mele aty, üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Tejen atly dor aty, dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygynyň Gyzlarym atly dor gysragy pellehana birinji bolup gelmegi başardylar.