Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz

25 Aprel 2021
1946

Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde, düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilen bu gezekki uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi diýseň täsirli boldy. Oňa gatnaşýan türgenler ir säherde ýaryş geçirilýän meýdançanyň ýanynda atlary bilen gezim edip, toýçy märekäni behişdi bedewlerimiziň gözelligi bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik atlaryň çydamlylygyny, erjelligini, türgeniň atyň güýjüni doly we dogry peýdalanmagyna gönükdirilen başarjaňlygyny, ukybyny kesgitleýär. Ýeri gelende bellesek, atçylyk sportunyň bu görnüşi Ýer şarynyň ähli yklymlarynda giňden ýaýrandyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ol resmi derejä eýedir. Ol atçylyk sportunyň özbaşdak görnüşi hökmünde onuň Halkara federasiýasynyň (FEI) düzümine girizildi.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.