HABARLAR

Geljegi umytly türgenler

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşip, sportda has-da taplanmagy, kämilleşmegi we ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýär. Gökdepe etrabynyň çäginde döwrebap sport mekdepleriniň birnäçesi hereket edýär. Şeýle mekdepleriň biri-de Gökdepe şäherindäki sport mekdebidir. Bu sport mekdebe ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaýar. Tälimçi-mugallymlaryň 16-sy 37 toparda ýaşlar bilen sportuň 8 görnüşi boýunça türgenleşik sapaklaryny geçýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän ýaşlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşine höwes edýänler hem az däl. Bu ýerde sportuň agzalan görnüşi boýunça türgenleşik sapaklarynyň ýola goýulmagy bilen ýaş türgenleriň uly topary oňa uly hyjuw we höweslenme bilen ýazyldylar.

Türk­me­nis­tan — Sagdynlygyň ýur­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz ösü­şi­ň tä­ze, röw­şen ýo­lu­na ga­dam goý­dy. Hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­mak, sag­ly­gy­ny go­ra­mak, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň düýp öze­ni­ni düz­ýär. Şeý­le be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek üçin bol­sa ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li sport we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti giň­den ös­dü­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sport bi­len meş­gul­lan­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek­de nus­ga­lyk gö­rel­de gör­kez­ýär. Ýur­du­myz­da ömür­le­re ömür go­şup, ýaşaý­şy gö­zel­li­ge bes­le­ýän sag­dyn­lyk he­re­ke­ti­ne eýer­ýän­le­riň sa­ny­nyň ýyl-ýyl­dan art­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň ara­syn­da ýaş­la­ryň ag­dyk­lyk et­me­gi aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Sport — sag­lyk, sport — ru­hu­be­lent­lik, sport — aba­dan ýa­şa­ýyş. Yn­sa­nyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da uly möç­ber­li mak­sat­na­ma­lar üs

Ta­ny­mal tür­gen­ — Ma­rat Ny­ýa­zow

Şu ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da sport muş­dak­la­ry­nyň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dy­ryp, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny bir gez be­len­de gö­te­ren ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de 2018-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çen dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýe­ňi­ji bo­lan türk­men tür­ge­ni Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa my­na­syp bo­lan al­tyn me­dal­la­ry­nyň iki­si­ni da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da sport äle­min­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan meş­hur türk­men tür­gen­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Ma­rat Ny­ýa­zo­wyň ady­ny hem buý­sanç bi­len ag­za­dy. Bi­ziň aşak­da­ky ýaz­gy­la­ry­myz hem sport äle­min­de öçmejek yz go­ýan, 1960-njy ýyl­da Rim­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň kü­müş me­da­ly­na eýe bo­lan, ny­şa­na ok at­mak­da köp ge­zek dün­ýä­niň we Ýew­ropa­nyň çem­pio­ny we re­kord­çy­sy meş­hur türk­men mer­ge­ni­ne ba­gyş­lan­ýar. Ma­rat Ny­ýa­zow 1933-nji ýy­lyň 28-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ol Mosk­wa­nyň I.Gub

Maşk edeliň, ruhubelent bolalyň!

Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak üçin tutumly işler alnyp barylýar. Sagdyn iýmitlenmek, ýörite beden maşklaryny ýerine ýetirmek, wagtly-wagtynda ukyňy almak bularyň ählisi sagdyn durmuşa eýermekdir. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hormatly Prezidentimiziň hut özi bize nusgalykdyr. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanylanda onuň kadalaryny bilmek we berjaý etmek sagdyn bedeni terbiýelemegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu barada Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň lukmany Narsoltan Tursunbaýewa şeýle gürrüň berýär.

Sportuň täsin görnüşleri

Jaý-alaý — sportuň bu görnüşi dünýäde iň tizlikli oýun hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onda oýunçy susaga meňzeş ýörite elligi geýip, pökgini diwara zyňýar. Bäsdeşi bolsa şol topy gapyp, ýene-de diwara zyňýar. Jaý-alaý üçin niýetlenilen pökgi örän gaty görnüşli bolup, ol sagatda 300 kilometre çenli tizlikde hereket edýär. Oýnuň dowamynda pökgini araçäkden çykarmaly däl, ýere-de gaçyrmaly däl. Oýunçylaryň aýtmaklaryna görä, pökginiň tiz ýyrtylýandygy sebäpli ony her 15 minutdan çalşyp durmaly bolýar. Suw astyndaky hokkeý — dünýäniň dürli ýurtlarynda, ýagny, Ýaponiýada, Belgiýada, Fransiýada, ABŞ-da hem-de Gollandiýada köp oýnalýan oýunlaryň biri. Her topardan alty türgeniň gatnaşmagynda suwdan doly howuzlarda pökgi sürülýän kelteräk, ujy egri (klýuşka) gural bilen oýnalýar. Şeýle ýagdaýda-da türgenler derwezä şaýba urmagyň hötdesinden gelýärler.

Gadymy oýnuň meşhurlygy artýar

Tennis meşhurlygy boýunça dünýäde futbol bilen basketboldan soňra üçünji orunda durup, onuň bilen 90 milliona golaý adam meşgullanýar. Ýurdumyzda-da bu görnüş soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe boldy. Paýtagtymyzda, şol sanda ähli welaýatlarda-da köpsanly tennis meýdançalary döredilip, ulanylmaga berildi. Welaýatymyzda Türkmenabat şäherindäki 6-njy, 9-njy hem-de Dänew, Köýtendag, Döwletli etraplaryndaky sport mekdeplerinde tennis bilen meşgullanýarlar. Olarda 9 tälimçi bu ugurdan 25 toparda türgenleşik geçýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan oglanlaryň we gyzlaryň sany bolsa 300-den geçýär. Olar dürli ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu sportuň şu güni we geljegi barada Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň birinji derejeli tälimçisi, Türkmenistanyň üç gezek çempiony Babamyrat Mamatrasulow bilen söhbetdeş bolduk: — Babamyrat aga ilki tennisiň taryhy bilen içgin tanyşdyraýsaňyz?

Sport syýasatynyň gadamlary

Üstünlige ýetilýär Arkadag Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýe we sporty ösdürmegiň möhüm ähmiýetine uly üns berýär. Sebäbi, sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçinem milli Liderimiz ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek bilen bähbitli tagalla badalga berdi. Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda sporty ösdürmekde ýetilen sepgitler, gazanylýan ýeňişler milli Liderimiziň öňe süren türkmen sportuny ösdürmegiň syýasatynyň gadamlarynyň batlanýandygyny äşgär edýär. Şol bir wagtda bu syýasatyň rowaçlanmagynyň ilatyň saglygyny goramakda, sagdyn durmuşyň dabaralanmagynda aýgytly ädimdigini bellemelidiris.

Woleýbol ýaryşy geçirildi

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa ýaş türgenlerden düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýaryş diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Onda «Bathyz», «Ahal», «Berkarar» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Gyzykly geçen ýaryşda «Ahal» toparynyň woleýbolçylary garşydaşlaryndan üstün çykyp, baýrakly birinji ornuň eýesi boldy. Ýaryşyň 2-nji, 3-nji baýrakly orunlaryna degişlilikde «Bathyz» we «Berkarar» toparlary eýe boldy.

Ekoulag: saglyk bilen tükeniksiz lezzet

Ekologiýa hiç-hili zyýan ýetirmeýän iki tigirli ulagyň — welosipediň üstünde oturan ýeriňden ýetişibildigiňden onuň çarhlaryna bat berýärsiň. Tizligiň bolsa barha artyp barýar. Özüňi aýna ýaly tekiz ýoldan ýüzüp barýan mysaly duýýarsyň. Badyň gowşanok. Ümzügiň bolsa öňe, gollaryň berdaşlanyp, üznüksiz hereketlenýän aýaklaryň gujurlanyp, süňňüňe güýç-kuwwat inen ýaly has-da hyjuwlanýarsyň. Şol pursat özüňi ýelgamak deý ýeňil duýup, dem alyş ýollaryň giňäp, tükeniksiz lezzete berleniňi duýman galýarsyň. Şeýle başdan geçirmelere geçen hepdäniň çarşenbe güni, ýagny, Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanymyzda eýe bolduk. Yzygider meşgullanmasamam, şol günki welosipedli ýöriş göwnümi galkyndyryp, ruhumy belende göterip, döredijilik äleminde täzeçilliklere ataryp, durmuş ýodasynda ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrdy. Bedenimiň berkemegine has-da itergi berdi. Megerem, bu ýöriş oňa gatnaşan beýleki ençeme ildeşlerimizde-de şeýle täsirleri galdyran bolsa gerek. Ömrüni sportuň welosipedli görnüşine baglanlar hakda-ha gürrüň ýok.

Lukmanlaryň bäsleşigi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşy welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilelikde guradylar. Sportuň ähli görnüşleriniň ynsan saglygyna peýdasynyň uludygy hemmä mälim. Şol sanda stoluň üstünde oýnalýan tennis hem beden myşsalaryny herekete getirip, ýürek, dem alyş ýollarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Şeýle-de diňe bedeniň içki agzalarynyň işini kadalaşdyrman, eýsem, adamyň daş keşbini hem gözelleşdirýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlar syrdam, görmegeý bolýarlar.