HABARLAR

Sagdynlygyň sakasy

Berkarar Watanymyzda adam we onuň saglygy hakyndaky alada barha rowaçlanýar. Döwletimiziň kanunçylygynda jemgyýetiň iň gymmatly baýlygynyň adamdygy ykrar edilýär, adam üçin wajyplygyň aňrybaşy onuň saglygyndadyr. Saglyk düşünjesi häzirki zamanyň garaýyşlarynda syntgylanylyp, adamyň beden, ruhy taýdan özüni kadaly duýmagyny aňladýar. Ýurdumyzyň esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda döwletiň ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýändigi barada aýratyn bellenilýär. Şu jähtden ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi göz öňünde tutýan birnäçe kanunlar we maksatnamalar kabul edildi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýeňiji belli boldy

Futbol Paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny eýelemek ugrunda ýaryş geçirilip, oňa milli futbol çempionatymyzyň ýokary ligasynda çykyş edýän ýedi topar bilen Aşgabadyň «Altyn Asyrynyň» ýaşlar düzümi gatnaşdylar.

Sport. Sport. Sport.

Guwandyryjy ýeňişler Golaýda Murgap şäherindäki sport mekdebiniň meýdançasynda ýeňil atletika boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryş 2007 — 2009-njy, 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda ýaş aýratynlyklary boýunça geçirildi. Bu bäsleşige biziň 6-njy orta mekdebimiziň okuwçylary hem gatnaşdylar.

Sport habarlary

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi bilelikde talyp gyzlaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirdiler. «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Gözel Sazakowa birinji, şol bölümiň talyby Merjen Pollyýewa üçünji orunlary eýelemekligi başardylar. Ikinji orna bolsa Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Azatgül Rejepowa mynasyp boldy. Öňdäki orunlara eýe çykanlara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşlara ýeňişler ýaran bolar

Garaşsyzlyk we türkmen sporty

Tomsuň söbügine düşüp geljek güýz beýik bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy güýzi bolar. Döwletli Diýarymyzyň toýa taýýarlanýan günlerinde şanly ýyllaryň ýüreklerde goýan ýakymly yzy barada pikir öwürmegiň hem üýtgeşik ýakymy bar. Çünki köpugurly ösüşler, öňegidişlikler — Garaşsyzlyk ýyllarynyň her bir gününe öz nuruny çaýdy. Dogrusy, «Garaşsyzlyk we türkmen sporty» diýlen düşünje boýunça, gerek bolsa, küti-küti kitaplary hem ýazyp bolar. Hususan-da, milli Liderimiziň ýurdumyza baştutanlyk edip gelýän döwrüniň içinde sportda ýetilen sepgitler, megerem, türkmen topragynyň tutuş taryhynda görüp-eşitmedik sepgitleri. Bu ýyllaryň esasy eçilen bagty bolsa, hemmeleriň «Sagdyn durmuş ýörelgeleri» diýilýän iňňän peýdaly ýörelgelere eýermegidir. Özi-de, hut, hormatly Prezidentimiziň göreldesi bilen.

Serhetçi türgenimiz Aziýa çempionatynda baýrak aldy

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde sambo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Bu halkara ýaryşa Türkmenistan döwletimiziň milli ýygyndy topary hem gatnaşdy. Sambo boýunça Aziýa çempionaty türkmen türgenleri üçin şowly ýaryşlaryň biri boldy. Onda milli ýygyndy toparymyzyň on üç türgeni baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda Döwlet serhet gullugymyzyň harby gullukçysy Babajan Iwadullaýew hem üstünlikli çykyş edip, söweş sambosy boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Bu eýýäm Türkmenistanyň ýaşyl Tuguny al-asmanda pasyrdadan serhetçi türgeniň halkara derejesindäki ýeňişleriniň nobatdakysydyr. Galyberse-de, bu üstünlikler ýurdumyzda, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmaklaryna uly üns berilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Biz hem serhet gullugymyzyň ähli şahsy düzüminiň adyndan türkmen türgenlerini, hususanam, serhetçi türgenimiz Babajany gazanan nobatdaky ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, şeýle hem olara sport äleminde täze ýeňişleri arzuwlaýarys!

Saglygyň sakasy — sport

Pederlerimiz: “Hereket — bu durmuş” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ömrüňi uzaltmak üçin elmydama hereket etmeli, sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Sebäbi, işjeň hereketlilik adamyň bedenine, ruhuna oňaýly täsirini ýetirýär. Bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirilende, adamyň gan aýlanyşygynyň kadalaşmagynyň netijesinde bedeniň kislorod we iýmit üpjünçiligi gowulanýar. Bu bolsa, ynsanyň özüni gowy duýmagyna, şähdiniň açyk bolmagyna getirýär. Sebäbi, sport ýaşaýşyň gözelligidir. Ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde alnyp barylýar. Halkyň saglygy hakynda alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda: “Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär” diýlip kesgitlenilýär. Şu jähetden, Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi ilerledýän birnäçe kanunlar we maksatnamalar kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, olaryň guramaçylyk-hukuk kadalary soňky ýyllarda kabul edilen “Bed

Ajaýyp ýeňişlere eýe bolýan türgen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda biziň sport mekdebimizde sportuň alty görnüşi hereket edýär. Mekdebimiziň ussat tälimçi-mugallymy, sportuň kik-boksing görnüşi boýunça Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär Çarygeldi Bekmyradowyň taýýarlan türgeni — Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň we Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk institutynyň uçurymy, Türkmenistanyň sport ussady Şöhrat Ýagmyrow sportuň kik-boksing görnüşi boýunça ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Ol 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilen dünýä ýaryşynda I orny, Türkiýe döwletinde geçirilen halkara ýaryşda hem I orny, 2015-nji ýylda Latwiýa döwletinde geçirilen halkara ýaryşynda I orny, 2016-njy ýylda Estoniýa döwletinde geçirilen halkara ýaryşynda I orny eýeläp, ýurdumyza uly abraý getirdi. Şeýle hem ol dünýä we halkara derejesinde geçirilen ýaryşlaryň ençemesine gatnaşyp, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara eýe bolup, Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göterdi.

Sagdyn ýaşaýşyň serişdesi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 3-nji iýunynda Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Munuň özi milli Liderimiziň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edýän tagallalaryna halkara derejesinde ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.  Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly wajyp gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýramdyr. Ol parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa Komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam gatnaşyklar, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakyndaky Kararnamasynyň netijesinde dünýä jemgyýetçiligi welosiped sportunyň ösdürilmegine, şeýlelikde, dünýäniň sport, jemgyýetçilik w