Berkarar Watanymyzda adam we onuň saglygy hakyndaky alada barha rowaçlanýar. Döwletimiziň kanunçylygynda jemgyýetiň iň gymmatly baýlygynyň adamdygy ykrar edilýär, adam üçin wajyplygyň aňrybaşy onuň saglygyndadyr. Saglyk düşünjesi häzirki zamanyň garaýyşlarynda syntgylanylyp, adamyň beden, ruhy taýdan özüni kadaly duýmagyny aňladýar.
Ýurdumyzyň esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda döwletiň ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýändigi barada aýratyn bellenilýär. Şu jähtden ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi göz öňünde tutýan birnäçe kanunlar we maksatnamalar kabul edildi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.