Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

7 Ýanwar 2023
864

Pekin, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşygy boldy.

Ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki Jarnamanyň onýyllygyna we iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna beslenen ýylda Pekine amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Beýleki habarlar