Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

5 Ýanwar 2023
1563

Aşgabat, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda hem-de kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara alyp, täze taryhy eýýamda döwletimizi ösdürmek bilen baglylykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almaklary, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek bilen bagly Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Beýleki habarlar