Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar» diýip belleýär. Bu babatdaky işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýynyň belende göterilmegine ýardam berdi.
Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, beýleki döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň daşary syýasaty hyzmatdaşlygyň berkarar edilmeginde, bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipelerinde öz beýanyny tapdy.