Garaşsyzlyk binalary

15 Sentýabr 2022
806

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäniň iň kän ak mermere beslenen binaly şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren paýtagtymyzda «Arkadag», «Abadançylyk», «Ak bugdaý», «Ýyldyz», «Sagdynlyk», «Ylym» ýaly täsin binalaryň sany ýylsaýyn artýar. Binagärligiň häzirki zaman biçüwleri bilen ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgeleri özünde jemleýän Garaşsyzlyk binasy türkmen bagtyýarlygynyň nyşanyna öwrülse, Konstitusiýa binasy bagtyýarlyk ýyllarymyzyň taryhynyň sungatyň dilindäki beýanydyr. Aşgabadyň ajaýyp desgalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy bolsa türkmen binagärlik sungatynyň ýeten belent derejesiniň görkezijisidir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada 133 metr belentlikde parlaýan Baş baýdagymyzyň flagştogy 2008-nji ýylda dünýäde iň beýik flagştog hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilip, umumadamzat täsinligi hökmünde ykrar edildi.

Atageldi GARAJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.