Ýaşaýşyň altyn çeşmesi

7 Iýun 2022
1403

Tebigat gözelliklerine bolan söýgi türkmen halkynyň däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda mizemez orna eýe. Tebigy baýlyklardan aýawly hem-de ýerlikli peýdalanmagy başaran ata-babalarymyz ony nusgalyk ýol hökmünde nesillere miras goýupdyrlar.

Çünki dünýäniň islendik döwletiniň ösüşi we ilatyň ýaşaýyş derejesi jemgyýetçilik, ykdysady, tebigy-geografik, geosyýasy, tehnogen... görkezijilere bagly. Häzirki wagtda güneşli ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda geljegi nazarlaýan uzak möhletleýin maksatnamalar kabul edilýär we yzygiderli durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň ençemesine goşulandygyny bellemek bolar. Ekologik howpsuzlyk esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça çemeleşmeler diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitleýin we bütindünýä tebigaty goramak meselelerine degişlilikde alnyp barylýar. Türkmenistan ählumumy ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Golaýda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçirilen «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat hem munuň aýdyň güwäsidir.

Gunça AKMÄMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar