Arzyly sepgidiň eýeleri

7 Iýun 2022
615

Mary welaýatynyň ussat ýüpekçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda paýlanyp berlen 11 müň guty ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmek bilen, döwlete 440 tonnadan gowrak ýokary hilli pile tabşyrdylar.

Sebitiň ussat ýüpekçileriniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary hilli gurçuk tohumy bilen ýeterlik üpjün edilmegi, tut ýapraklaryndan netijeli peýdalanylmagy ýokary hilli we bol pile hasylyny taýýarlamaga uly mümkinçilik döretdi. Tagtabazar, Serhetabat, Mary, Oguzhan ýaly aýry-aýry etraplarda möwsüm guramaçylykly alnyp baryldy. Bu etraplarda möwsümiň dowamynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy döwlet harmanyna uly goşant goşmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda welaýatyň ýüpekçileri şertnamadan artyk pile tabşyrýarlar. Etraplaryň kabul ediş we guradyş bölümlerinde tejribeli ýüpekçileriň yhlas edip ýetişdiren pilelerini kabul etmek guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar