Daşky gurşawy goramaklyga maksatnamalaýyn çemeleşilýär

6 Iýun 2022
1597

Daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistan halkara derejede möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bar bolan ekologiýa meselelerini çözmäge hem-de olaryň öňüni almaga täze çemeleşmeleri teklip edýär. Türkmen tarapynyň Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini döretmek baradaky teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Türkmenistanda halkara ähmiýetli täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi bilen birlikde, milli derejede ekologiýa we suw meseleleri boýunça iri taslamalary amala aşyrmakda zerur şertler döredilýär. Uly tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň ulanylmagynyň kadalaşdyrylmagy we beýleki ençeme çäreler ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir etdi.

Bahadur HATAMOW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar