Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary

2 Iýun 2022
572

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün asylly däbe görä, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu senäniň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Bu wajyp resminamany tassyklap, ýurdumyz öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär. Döwlet syýasatynda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary we jemgyýetimiziň oňyn garaýyşlary, paýhasly durmuş tejribeleri öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly dessurlar mynasyp dowam etdirilip, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýaşajyk raýatlaryň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi, saglyklaryny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Beýleki habarlar