Baş maksat — ýaş nesilleriň röwşen geljegi

2 Iýun 2022
584

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji iýunynda bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Ilkinji gezek 1950-nji ýylda baýram edilen bu sene çagalary hormatlamak we olaryň hukuklaryny ilerletmek üçin örän oňat mümkinçilikdir.

Türkmenistanda ýaş nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Çünki şu günki çagalar ertir ýurdy dolandyrmaly, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin işlemeli, döretmeli, gurmaly hünärmenlerdir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, köp çagaly maşgalalara goldaw-hemaýat bermek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Diýarymyzda ýaş nesliň ýokary derejede üns-alada bilen gurşalyp alnandygyna ýaş raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilmegini kepillendirýän kanunçylyk namalarynyňdyr maksatnamalaryň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. Şundan ugur alnyp, çagalaryň hukuklaryny goramak maksady bilen, milli kanunçylygymyz yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny emele getirýär.

Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar