Möwsüme taýýarlykly geldiler

2 Iýun 2022
746

Halkyň rysgaly hasaplanýan ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde Murgap jülgesiniň edermen gallaçylary hem gaýratlylyk görkezýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem welaýatyň gallaçylary ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Öz rysgyny daýhançylykdan tapan kärendeçilerdir ýer eýeleri, işewür telekeçiler şu ýylyň hasyly üçin geçen güýzde 170 müň gektar ýere ak bugdaýyň tohumyny sepdiler.

Ekiş geçirilen gününden başlap, tä şu günki güne çenli birkemsiz idegi ýetirilen ekinler bol hasyl toplady. Düýnki gök maýsa bolup, töwerege gözellik paýlap oturan bugdaý sünbülleri dok däneli baş getirip, altynsow öwşün atyp, şemala ygşyldaşyp otyrlar. Häzir daýhan öz ýetişdiren hasylyna buýsansa, obasenagat toplumynyň her bir işçisi, hünärmeni ýetişdirilen hasylyň ýekeje dänesini hem zaýalaman, Watan harmanyna goşmagyň aladasy bilen ýaşaýar. Gallaçylar özleriniň bugdaýly meýdanlarynyň gyrasyny arassalap, çilini ýykyp, okaryklarydyr ýaplaryny tekizleseler, mehanizatorlar, hünärmenler traktorlaryny, bugdaý orýan kombaýnlaryny we gaýry tehnikalaryny birlaý gözden geçirýärler. Gabat gelen säwlikleri ýerinde düzedip, orak möwsümine ykjam taýýarlanýarlar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar