Ruhy baýlygyň çeşmesi

2 Iýun 2022
676

Halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerip, Gahryman Arkadagymyz il-günümiziň abadan durmuşy babatdaky aladalarynda özüniň pähim-parasada ýugrulan işleri bilen halkymyzyň buýsançly başynyň has hem belent bolmagy, ruhy dünýäsiniň barha baýlaşmagy ugrunda çäksiz yhlas edýär. Hormatly Arkadagymyz ajaýyp döredijiligi arkaly halkymyzyň täze döwürde ruhy taýdan ösüşiniň berk binýadyny goýmak bilen bir hatarda, biziň ählimizde ata Watana bolan beýik söýgini, durmuşa höwesi, joşgunly zähmete, gurmaga hem döretmäge yhlasy yzygiderli taplaýar. Özüniň gahrymanlary, il ogullary hakyndaky rowaýatdyr hekaýatlaryny, mert ärlerini wasp edip, watançylyk hyjuwyna joş berýän aýdym-sazlaryny ruhy dünýäsiniň çeşmesi hasaplaýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän eserler arkaly şeýlekin ajaýyp ruhy goldawa eýe bolmak bilen, bu gün dünýäni haýrana goýýan ösüşleri gazanýar, ägirt uly, halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýär.

Ynsan bedeniniň iýmite mätäç bolşy ýaly, onuň ruhy dünýäsi hem dürli çeşmeler arkaly alynýan ruhy hörege mätäç bolýar. Ruhuň iýmiti iýmekde we içmekde däl-de, täze zatlary öwrenmekde, dünýäniň gözelligine, ynsan ýaşaýşynyň many-mazmunyna göz ýetirmekdedir. Kitabyň ynsanyň ruhy iýmitiniň esasy çeşmesi hasaplanmagy ýöne ýere däldir. Sebäbi kitapda ynsan aragatnaşygynyň esasy serişdesi bolan söz bar. Kitap bize geçmişden, şu günden we geljekden habar berýär, dünýäniň gurluşyny, durmuşyň çylşyrymly öwrümlerini, kynçylyklaryny ýeňip geçmegi öwredýär. Şonuň üçin Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýy: «Jahanda kitap deý mährem dost bolmaz» diýip, kitaby ynsanyň şat gününde şatlanýan, hasratynda gam-gussasyny paýlaşýan, oňa goldaw goluny uzadýan wepaly dosta deňeýär.

Täşli KERIMOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar