Ýol görkeziji şamçyrag

2 Iýun 2022
545

Mähriban Arkadagymyzyň baý durmuş tejribesini, paýhas ummanyny özünde jemleýän «Ömrümiň manysy» atly eserde Watanymyzyň ösüşleri, ýeten derejeleri, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, jemgyýetiň ahlak hem-de durmuş ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle-de onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny öz içine alýan däp-dessurlar, kadalar, adatlar, mukaddes ýörelgeler beýan edilýär.

Kitap halypa-şägirtlik ýolunyň, peder-perzent mekdebiniň kämil nusgasy hökmünde hem ýaşlara gymmatly gollanmadyr. Onda beýan edilýän wakalar, pikirler ýaşlary zähmetsöýerlik, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemäge, ýagşylyk etmäge, ömri manyly ýaşamaga, haýyr-sahawatly işler bilen meşgullanmaga, özüňden ýagşy at galdyrmaga gönükdirilendir. Kitabyň «Ýaşaýyş medeniýeti» diýen bölüminde ýaşlaryň hünär saýlamagy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durlup geçilýär. Mugallymlaryň çagalaryň hünäre bolan höwesini, ukybyny ýüze çykarmakda ornunyň ýokarydygy bellenilýär, maşgala mukaddesligine aýratyn üns berilýär. Eziz Arkadagymyz «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr» diýmek bilen, maksadyňa ýetmek üçin yhlas etseň, ýetilmejek menziliň ýokdugy hakynda belleýär. Şonuň üçinem bu eser ýaşlaryň durmuşda öz ornuny tapmagyna ýakyndan ýardam edýän şamçyragdyr.

Ogulnyýaz ATANYÝAZOWA,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar