Durmuşymyzyň baş ýörelgesi

2 Iýun 2022
833

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda jemgyýetimiziň baş ýörelgesine öwrülen sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Watanymyzda şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli welosipedli ýörişleriň, «Saglyk ýoluna» köpçülikleýin ýörişleriň geçirilip durulmagyny şol işleriň aýdyň subutnamalarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Bu senede köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi halkymyz üçin däbe öwrüldi. Giň möçberdäki bu çäräniň ekologiýa taýdan örän uly ähmiýetli bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň raýatlarynyň beden we ruhy taýdan kämilleşmegine hem ýardam edýändigini bellemek gerek. Adamyň sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa, lukmanlaryň hem kepil geçmeklerine görä, birnäçe keseliň öňüni almaga ýardam edýär.

Meýlis ÖWEZOW,
Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar