Watanymyzyň kuwwaty artýar

9 Mart 2022
501

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň kämil bilim-terbiýe almagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda durmuş-ykdysady özgertmeler bilen bir hatarda, ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Diňe umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bilen, biz geljegimize ynamly seredip bileris» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler ýaşlara uly üns berilýändigini görkezýär. Bu maksatnama ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda, hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.

Gülşat GULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gumdag şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar