Arkadagly döwrüň bagtyýar eneleri

9 Mart 2022
713

Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak ajaýyp zamanamyzyň asylly ýörelgesine öwrüldi. Türkmen halkynyň zenanlara bolan hormat-sarpasynyň, jemgyýetimizde zenan mertebesiniň hemişe belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülen şeýle çuň mazmunly baýramçylyk dabarasy welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabarada giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda nygtalyşy ýaly, döwrümiziň bagtyýar gelin-gyzlary döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim, medeniýet hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda göreldeli, döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Ata Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde olaryň bitirýän işleriniň bahasyna ýetme ýokdur. Mähriban enelerimiz maşgala ojaklarymyzyň guwanjydyr. Eneler ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, asyrlaryň kämillik mekdebini geçen durmuş ýörelgelerimize gyşarnyksyz eýermek ruhunda terbiýelemekde ägirt uly hyzmatlary bitirýärler. Halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ýetiren hormatly Prezidentimiz bolsa zenanlaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny goramagy, olary döwlet tarapyndan ýeňillikler bilen üpjün etmegi jemgyýetimizi durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hasaplaýar.

Nury MÄMMEDOW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».  
Beýleki habarlar