Täze döwür — täze sepgitler

9 Mart 2022
460

Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dünýä dolup, halkara bileleşikde mynasyp orun aldy. Aýratyn bellemeli ýeri-de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýänligidir.

Ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde döwletimizde ykdysady ösüşiň täze sepgitleri eýelendi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikler has belent derejelere çykar, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek babatda badalga berlen başlangyçlar has-da rowaçlanar. Şunda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan önümçilik pudaklaryny döretmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek esasy ugurlar bolup durýar.

Sylap RAHYMBERDIÝEW,
Türkmenbaşy etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar