Eýjejik gyzjagazlar bäsleşdiler

9 Mart 2022
726

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirildi.

Bagtyýar nesilleriň ylymly-bilimli bolup ýetişmegini, hünär öwrenmegini we olarda sungata bolan söýgini döretmegi maksat edinen şadyýan bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar.

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar