Bagtygülüň üstünligi

9 Mart 2022
524

Mekdebimiziň 9-njy synpynda okaýan Bagtygül Arbatowa — zehinli ýaşlaryň biri. Ol mekdebimiziň göreldeli okuwçylarynyň hatarynda bolmak bilen, deň-duşlaryndan saýlanýar.

Bagtygül ähli sapaklaryndan oňat ýetişýär. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine yzygiderli gatnaşyp gelýär. Ol bäsleşige, esasan, türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça gatnaşyp, mekdep we şäher derejesinde geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bu bäsleşigiň welaýat tapgyrynda üçünji ýere mynasyp bolup, ýörite diplom bilen sylaglanmagy kalby bilimler dünýäsine atygsap duran ýaş zehini ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy.

Nurjemal REJEPOWA,
Serdar şäherindäki 13-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar