Demokratiýa esaslanýan duşuşyklar

8 Mart 2022
591

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Ynha, 7-nji martda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda dalaşgäriň ynanylan wekili — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirow çykyş edip, ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.

Soňra dalaşgär çykyş edip, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň syýasy taýdan durnukly, ýokary ösüş depginlerini görkezýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmündäki ornunyň barha pugtalanýandygyny nygtady. Berdimämmet Gurbanow çykyşynyň dowamynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegiň özüniň baş maksady boljakdygyny belledi.

«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar