Türkmenistanyň halkynyň geljeginiň saýlawy

8 Mart 2022
586

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy. Ozal gazetimizde habar berlişi ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan görkezilen resminamalara garamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dokuz dalaşgäri bellige aldy. Döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak olaryň her biri üçin belent mertebedir hem-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde kemala gelen ýaş nesliň ählisi üçin örän uly jogapkärçilikdir.

Şu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň erkin we deňhukukly esasda hödürlenilendigini, hödürlemek hem-de bellige almak işiniň bolsa, milli kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek bilen, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilendigini, saýlaw möwsüminiň hemme tapgyrlarynyň hereket edýän milli kanunçylyga hem-de umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda öz wagtynda guralandygyny aýratyn bellemek gerek.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar