Nebitgaz ulgamynyň rowaç menzilleri

8 Mart 2022
621

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ähmiýetli waka bolup, geljek 30 ýylda Türkmenistan döwletimizi dünýä derejesindäki uly ösüşlere beslär, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer.

Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda «Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini berkitmegi dowam eder. Şu maksat bilen, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek dowam etdiriler» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçdi.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar