Bank ulgamy kämilleşdirilýär

6 Ýanwar 2022
821

Milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde öz oňyn netijelerini görkezen öňdebaryjy tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Bu barada «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» hem aýratyn nygtalýar. Maksatnama laýyklykda, karz edaralarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak, banklaryň serişdeler binýadyny artdyrmak, banklarda elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin zerur bolan tehniki we programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan önümçilikleri döretmek, dolandyryşyň has kämil usullaryny ulanmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.    

Milli bank ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde karz edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, banklara iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli täzelenýär. Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmeklige gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar, hususan-da müşderilere hödürlenilýän bank önümleri diwersifikasiýalaşdyrylyp, dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda, täze hyzmatlary yzygiderli bank ulgamyna girizmek, müşderiler bilen işlemegiň täze usullaryny ýola goýmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Maýagözel ŞABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň pul dolanyşygyny kadalaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar